Dünýäde ýabany arylaryň köpdürlüligi 26 müňden-de gowrak görnüşi öz içine alýar. Nature Communications žurnalynyň habar bermegine görä, bu san ozalky çaklamalardan 18-25% köpdür. Awstraliýaly biologlar topary global we sebitleýin derejelerde statistik barlag geçirdiler. Şeýlelikde olar ýer ýüzünde bu arylaryň 24705-den 26164-e çenli mälim bolan we entek üsti açylmadyk görnüşleriniň ýaşaýandygyny anykladylar. Bilermenler barlag üçin entomologlaryň ýazgylaryny, bar bolan atlandyrmalaryň we sinonimleriň derňewini, 186 ýurtdan alnan maglumatlary we kompýuter modellenmesini ulandylar. Çykarylan netijeler 1960-njy ýyldan bäri her ýyl takmynan 117 täze görnüş hakda maglumat berilýändigini görkezdi. Iň uly taksonomik tapawut Aziýada we Ýakyn Gündogarda hasaba alyndy, ol ýerlerde 2525 görnüş entek öwrenilmegine garaşýar. Afrikada we Ýewropada bu görkeziji pesdir. Şol bir wagtda Türkiýäniň bir özi aýan edilmedik taksonlaryň sany (843) boýunça tutuş Ýewropa yklymyndan geçýär. Gözlegçiler täze görnüşleri hasaba almak işiniň haýallamagyny bu ugurda bilermenleriň azlygy, şeýle hem maliýe ýetmezçiligi we syýasy bökdençlikler bilen baglanyşdyrýarlar. Işiň häzirki depgini saklanan ýagdaýynda, ary görnüşlerini doly ulgamlaşdyrmak üçin 30-dan 45 ýyla çenli wagt gerek bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir