Massaçusets tehnologiýa institutynyň (MIT) üç sagadyň dowamynda 3D-çap etmegiň bir tapgyrynda doly işleýän elektrik hereketlendirijisini döretdiler diýip, institutyň metbugat gullugy habar berýär. Täze tehnologiýa komponentleri ýygnamak tapgyryny doly aradan aýryp, bäş dürli materialdan enjam döretmäge mümkinçilik berýär. Luis Fernando Welaskes-Garsiýanyň ýolbaşçylygyndaky topar printeri üýtgedip, ony dört sany ekstruder bilen enjamlaşdyrdy. Enjam bir wagtda magnitli we geçiriji sapaklary, tok geçirmeýän plastigi we geçiriji syýalary ulanýar. Detallar gatlak-gatlak emele gelýär. Şunlukda daşarky tapgyr diňe elementleri magnitlemek bolup galýar. Ony hem geljekde önümçilik tapgyryna goşmak meýilleşdirilýär. Häzirki tapgyrda inženerler robototehnikada we konweýer ulgamlarynda ulanylýan çyzykly hereketlendiriji döretdiler. Önümi elektrik welosipedlerde ulanmak üçin awtorlar usuly öwrüliş güýjüni döredýän rotor ulgamlaryny çap etmäge uýgunlaşdyrmaly bolarlar. Bilermenleriň maglumatlaryna görä, çap edilen prototip energiýa netijelilik boýunça meňzeş gidrawlik hereketlendirijilerden eýýäm öňe geçýär. Tehnologiýanyň ösdürilmegi hereketlendirijileriň ýokary udel kuwwatyna we kiçi agramyna ýetmäge gönükdirilendir. Ozal 3D-çap etmek diňe mis dolamalary ýaly aýry bölekleri öndürmek üçin ulanylýardy. Täzeligiň köpçülikleýin önümçiligi üçin çap edilen gurluş ulgamlarynyň çydamlylygyny we tygşytlylygyny tassyklamak gerek bolar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir