Hypebae neşiriniň habar bermegine görä, Chanel modalar öýi «Coco Denim» atly täze çäklendirilen makiýaž kolleksiýasyny görkezdi. Onuň ýüzi hökmünde bolsa aktrisa we brendiň ilçisi Lili-Rouz Depp çykyş etdi. Mahabat kampaniýasynda Depp önümleriň esasy aýratynlyklaryny görkezýär. Olaryň arasynda jins öwüşginleriň ähmiýetini nygtaýan goşa çyzykly sürmeler, ýeňiljek ýalpyldaýan mawy göz galamlary we indigo reňkli dyrnak boýagy aýratyn saýlanýar. Çäklendirilen toplum brendiň meşhur önümleriniň täzelenen görnüşlerini hem öz içine aldy. Täzelikleriň arasyndaky «Les 4 Ombres» göz galamy palitrasy we ýagty mawy reňkdäki «Coco Denim» haýlaýteri şeýle hem mawy «Noir Allure» kirpik boýagy we suwa durnukly göz galamy bar. «Rouge Coco Flash» asman mawy dodak boýagy we täzelenen dizaýndaky «La Crème Main» el kremi hem örän özüneçekiji. Chanel-iň klassyk nepisligi bilen 2000-nji ýyllaryň estetikasyna öwrülen döwrebap trendiň bu utgaşygy eýýäm köplerde gyzyklanma döretdi. Gözellik serişdeleriň bahasy 53 dollardan 90 dollara çenli üýtgeýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir