Spotify kompaniýasy ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ulanyjylar üçin audiokitaplaryň reýting sanawlaryny işe girizendigini yglan etdi. Täze Audiobook Charts bölümi her hepde täzelener we iň meşhur audiokitaplary hem umumy reýtingde, hem-de aýry-aýry žanrlar boýunça görkezer. Bu ulgamyň iş ýörelgesi platformanyň saz we podkast sanawlaryna meňzeşdir. Reýtingler diňlenme sany we ulanyjylaryň işjeňligi baradaky maglumatlar esasynda düzülýär. Sanawlar "Audiobooks" bölüminde hem mugt, hem-de tölegli abunaçylar üçin elýeterlidir. Olary programmadaky gözleg arkaly degişli bölümi saýlap we sahypanyň aşagyndaky "Dive deeper" bloguna çenli süýşürip tapyp bolýar. Audiokitap çartlarynyň işe girizilmegi Spotify-yň 2022-nji ýylda başlan bu ugruny ösdürmekdäki nobatdaky ädimidir. Şu wagta çenli serwis birnäçe täze funksiýalary hödürledi, olaryň arasynda: kagyz kitapdan audio kitabyň degişli bölegine geçmäge kömek edýän Page Match gural; eýýäm diňlenen bölümleri ýatlatmak üçin gysgaça audio-mazmunlar bolan Audiobook Recaps gurallary bar. Kompaniýa täze sanawlaryň diňleýjiler üçin meşhur eserleri tapmagy ýeňilleşdirjekdigine, awtorlar we neşirýatlar üçin bolsa goşmaça mahabat mümkinçiliklerini döretjekdigine ynanýar. Şeýle hem Spotify kagyz kitaplarynyň bazaryndaky täsirini giňeltmek barada habar berdi: ABŞ-daky we Beýik Britaniýadaky ulanyjylar Bookshop.org bilen baglaşylan hyzmatdaşlyk netijesinde kagyz kitaplaryny gönüden-göni programmanyň içinden satyn alyp bilerler.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir