Türkmen halkynyň Milli Lideri Arkadag şäherine baryp, täze şäheriň gurluşygynyň ikinji tapgyrynda alnyp barylýan işler bilen tanyşdy. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri bu ýerde degişli ýolbaşçylaryň gatnaşmagynda iş maslahatyny geçirdi. «Watan» habarlar gepleşiginde habar berlişi ýaly, iş maslahatynyň dowamynda Arkadag şäheriniň häkimi G.Mämmedowa häzirki döwürde şäheriň çäklerinde alnyp barylýan arassaçylyk we abadanlaşdyryş işleri, öňde boljak şanly seneleri mynasyp derejede dabaralandyrmak ugrunda görülen taýýarlyk işleri, şeýle hem Halkara zenanlar güni mynasybetli köp çagaly eneleri hormatlamak we baýramçylygyň hormatyna maşgalalary täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmek ugrunda ýaýbaňlandyrylan işler barada maglumat berdi. Häkim maglumatyň çäklerinde şu ýyl Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilenine 5 ýyl dolýandygyny nazara alyp, Arkadag şäheriniň häkimliginiň haýyşy boýunça bu senäni ýokary derejede dabaralandyrmak bilen baglanyşykly birnäçe teklipler bilen Gahryman Arkadaga ýüzlendi. Türkmen halkynyň Milli Lideri Halkara zenanlar güni mynasybetli meýilleşdirilen çäreleriň we ilaty täze ýaşaýyş jaýlaryna göçürip getirmegiň dabarasynyň ýokary guramaçylyk derejesiniň üpjün edilmelidigini belledi. Şeýle hem Gahryman Arkadag Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň döredilmeginiň 5 ýyllygy mynasybetli meýilleşdirilen dabarany makullap, onuň anyk meýilnamasynyň taýýarlanylmalydygyny belledi we bu işe ýurduň medeniýet we sungat ussatlarynyň işjeň çekilmeginiň maksadalaýyk boljakdygyna ünsi çekdi. Şol bir wagtyň özünde dabaralaryň geçiriljek ýerlerini kesgitlemek, onuň medeni maksatnamasyny taýýarlamak meselelerine toplumlaýyn esasda çemeleşilmelidigini nygtady. Gahryman Arkadag degişli ýolbaşçylara alyp barýan işlerinde we kesgitlenen wezipeleri abraý bilen ýerine ýetirmekde üstünlikleri arzuw edip bu ýerden ugrady.