ABŞ-nyň birinji hanymy Melaniýa Tramp 2-nji martda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisinde başlyklyk eder. Bu barada ABŞ-nyň BMG-däki wekilhanasy X sosial ulgamynda habar berdi. «Birinji hanym parahatçylygy ilerletmekde bilimiň ornuny nygtamak üçin ABŞ-nyň Howpsuzlyk Geňeşindäki başlyklygy öz üstüne alyp, BMG-niň taryhyna girer» diýlip, habarda bellenilýär. Bu ABŞ-nyň häzirki Prezidentiniň aýalynyň Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisine ilkinji gezek başlyklyk etmegi bolar. Duşuşyk bilim, tehnologiýa, parahatçylyk we howpsuzlyk meselelerine bagyşlanar. Associated Press agentliginiň habar bermegine görä, mart aýynda BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşindäki başlyklyk ABŞ-a geçer. «The Guardian» neşiri, adatça, Howpsuzlyk Geňeşiniň mejlisleriniň ilçiniň ýa-da hökümetiň ýokary wezipeli agzasynyň ýolbaşçylyk etmegi bilen geçirilýändigini belleýär. Melaniýa Tramp döwlet wezipesini eýelemeýär. Ýöne Howpsuzlyk Geňeşinde nobatlaýyn başlyklyk edýän ýurt mejlisi kimiň alyp barjakdygyny özbaşdak kesgitleýär. BMG-niň Baş sekretarynyň metbugat sekretary Stefan Dýužarrik mundan ozal döwlet Baştutanlarynyň maşgalalarynyň Geňeşiň agzasy bolmadyk wekilleriň adyndan mejlislere gatnaşandyklaryny belläp geçdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir