Ispaniýanyň çempionatynyň 26-njy tapgyrynda Barselonanyň oýunçylary öz meýdançasynda geçirilen oýunda Wilýarrealy 4:1 hasabynda ýeňdi. On sekiz ýaşly Lamin Ýamal karýerasyndaky ilkinji het-trikini gazandy. Ispaniýaly oýunçy 28-nji, 37-nji we 69-njy minutlarda üç gol geçirdi. Ýeňijileriň ýene bir goluny Robert Lewandowski 90+1-nji minutda geçirdi. Wilýarreal toparynyň oýunçylaryndan Pap Geýe 49-njy minutda gol geçirip tapawutlandy. Opta-nyň maglumatlaryna görä, Ýamal XXI asyrda Ýewropanyň iň gowy bäş U19 ligasynda 25 gol geçiren ilkinji oýunçy boldy. Häzirki wagtda onuň La Ligada 95 oýunda 27 goly bar. Bu ýeňişden soň, Barselona 64 utuk bilen birinji orunda barýar, Wilýarreal bolsa 51 utuk bilen üçünji orunda galýar. Indiki tapgyrda Barselona 7-nji martda Atletik bilen myhmançylykda oýnar.