Sport eşikleriniň meşhur brendi Puma 2025-nji ýyl üçin maliýe netijelerini hödürledi. Ýylyň jemleri boýunça kompaniýanyň söwda dolanyşygy 8,1% peselip, 2024-nji ýyldaky 8,39 milliard ýewro garanyňda 7,29 milliard ýewro pese düşdi. Iň uly peseliş dördünji çärýekde hasaba alyndy, ondaky girdeji 20,1% azalyp, 1,56 milliard ýewro çenli azaldy. Bu barada WWD neşiri habar berýär. Puma-nyň baş ýerine ýetiriji müdiri Artur Held 2025-nji ýyly «täzeden dikelme ýyly» diýip häsiýetlendirdi we:«Biz bazardaky görkezijilerden has ýokary ösüşe dolanmak we orta möhletli geljekde durnukly peýdany üpjün etmek isleýäris» diýip, öňde goýan maksatlary hakda mälim etdi. Mundan öň, Hytaýyň Anta Sports Products Limited kompaniýasy Pino maşgalasynyň Groupe Artémis maýa goýum kompaniýasy bilen Puma SE-niň 29,06% paýyny satyn almak baradaky ylalaşyga gol çekendigini tassyklady. Şertnamanyň bahasy 1,5 milliard ýewro deň boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir