Şu gün Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynyň bije çekilişik dabarasy boldy. Çäre UEFA-nyň ştab-kwartirasynyň ýerleşýän ýeri bolan Şweýsariýanyň Nýon şäherinde geçirildi. Ýaryşyň bu tapgyrynda 1/8 finala göni çykan toparlar utulan-çykdy tapgyrynyň ýeňijileri bilen duşuşar. Bijeleriň netijelerine görä, 1/8 finalyň aşakdaky jübütleri kesgitlendi: · «Mançester Siti» — «Real Madrid» · «Budýo-Glimt» — «Sporting» · «Çelsi» — «PSŽ» · «Nýukasl» — «Barselona» · «Galatasaraý» — «Liwerpul» · «Atletiko Madrid» — «Tottenhem» · «Atalanta» — «Bawariýa» · «Baýer» — «Arsenal» Şeýle hem ýaryşyň pleý-off tapgyrynyň umumy tertibi düzüldi. Çempionlar ligasynyň şu möwsüminiň 1/8 final oýunlary 2026-njy ýylyň 10–11-nji we 17–18-nji martynda geçiriler. Jogap oýunlary görkezilen günleriň ikinjisinde bolar. Ýaryşyň final duşuşygy 2026-njy ýylyň 30-njy maýyna meýilleşdirildi. Ol Budapeştdäki «Puşkaş Arena» stadionynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir