Netflix kompaniýasy Warner Bros. Discovery ugrundaky göreşde öz teklibini ýokarlandyrmakdan ýüz öwürdi we iş ýüzünde bäsdeşlikden çykdy diýen ýaly. Bu barada Reuters agentligi habar berýär. Warner Bros. Discovery-niň direktorlar geňeşi Paramount Skydance-iň iň soňky teklibiniň has amatly diýlip ykrar edilendigini habar berdi. Kompaniýalar Netflix-e şertlere mümkin boldugyça täzeden seretmek üçin dört iş gününi berdiler, emma Netflix baha teklibini artdyrmajakdygyny derrew habar berdi. Netflix-iň bilelikdäki ýolbaşçylary Ted Sarandosyň we Greg Pitersiň beýanatynda bellenilişi ýaly, kompaniýa Warner Bros.-y satyn almagy amatly bahada mümkin bolan söwda hökmünde görýärdi, emma ony diýen bahasyny töläp almak ugrunda gidişmäge taýýar däldi. Paramount Skydance-iň teklibi Warner Bros. Discovery-niň bir paýnamasy üçin 31 dollar tölemegi göz öňünde tutýar. Ol şeýle hem, eger kompaniýalaryň arasyndaky hereket edýän ylalaşyk ýatyrylsa, Warner Bros. Discovery-niň Netflix-e tölemeli boljak 2,8 mlrd dollar möçberindäki öwez tölegini ýapmak borçnamasyny öz içine alýar. Netflix-iň başlangyç teklibinden soň, Paramount Skydance kompaniýasy Warner Bros. Discovery-ni doly eýelemäge gönükdirilen tagallalaryna başlady. WBD-niň direktorlar geňeşi birinji teklibi ret etdi, şundan soň taraplar söwdanyň şertlerine birnäçe gezek gaýtadan seretdiler. Warner Bros. Discovery bilen Paramount Skydance-yň arasyndaky ylalaşyk barada gutarnykly karar heniz kabul edilmedi. Eger tassyklansa, geleşik kadalaşdyryjy edaralar bilen ylalaşmagy hem talap eder.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir