Şu gün UEFA Çempionlar ligasynyň bije çekilişiginiň yzýany, Ýewropa ligasynyň 1/8 finalyna çykan toparlar hem öz garşydaşlaryny bildiler. Bijä görä, çärýek finala çykmak ugrunda aşakdaky toparlar özara bäsleşerler: «Ferenswaroş» (Wengriýa) — «Braga» (Portugaliýa); «Genk» (Belgiýa) — «Fraýburg» (Germaniýa); «Ştutgart» (Germaniýa) — «Portu» (Portugaliýa); «Bolonýa» (Italiýa) — «Roma» (Italiýa); «Panatinaikos» (Gresiýa) — «Real Betis» (Ispaniýa); «Selta» (Ispaniýa) — «Olimpik Lion» (Fransiýa); «Nottingem Forest» (Angliýa) — «Midtýulland» (Daniýa); «LOSK Lill» (Fransiýa) — «Aston Willa» (Angliýa). 1/8 final: Birinji duşuşyklar 12-nji martda, jogap oýunlary bolsa bir hepde soňra — 19-njy martda geçiriler. Çärýek final: Birinji oýunlar 9-njy aprelde, jogap oýunlary 16-njy aprelde geçiriler. Ýarym final: Birinji duşuşyklar 30-njy aprelde geçirilip, finalistler 7-nji maýda belli bolar. Final duşuşygy 20-nji maýda Stambul şäheriniň «Tüpraş» («Beşiktaş Park») stadionynda geçiriler.

Sport, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir