Bentley markasy diňe Ýaponiýanyň bazary üçin niýetlenen «Something Blue Collection» atly çäkli nusgada Bentayga krossowerlerini tanyşdyrdy. Bu seriýanyň ady XIX asyryň iňlis toý däp-dessurlaryna esaslanýar; oňa görä, gelniň bagtly durmuşy üçin onuň ýanynda gök reňkli bir zadyň bolmagy zerurdyr. Awtomobilden jemi 10 sanysy öndüriler we olaryň bahasy 34 million ýenadan (217,4 müň dollar) başlanar. Ulaglaryň kuzowy diňe belli bir ýagtylyk düşende gök öwüşgin atýan aýratyn reňk bilen reňklenipdir. Şol bir reňk 22 dýuýmlyk hromlanan diskleriň arkasynda ýerleşýän tormoz suportlarynda hem ulanylypdyr. Ak reňkli salon oturgyçlaryň gök gyralary, nagyşly nyşanlar we öň panelindäki gül şekilli nagyşlar bilen bezelipdir. Salonda, şeýle hem, her bir nusganyň tertip belgisini görkezýän ýörite tabliçka ýerleşdirilendir. Tehniki aýratynlyklary barada aýdylanda, awtomobil goşa turbonadduwly, 4 litrlik standart V8 dwigateli bilen üpjün edilendir. 550 at güýjüne eýe bolan bu motor ulagyň 100 km/s tizlige bary-ýogy 4,5 sekuntda ýetmegini üpjün edýär. Awtomobiliň iň ýokary tizligi 290 km/s bilen çäklendirilendir.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir