Uber kompaniýasynyň işgärleri kompaniýanyň baş direktorynyň keşbini gaýtalaýan, emeli aňa esaslanýan çat-bot döretdiler. Bu barada Uber-iň ýolbaşçysy Dara Hosrowşahi «The Diary of a CEO» podkastyna beren interwýusynda gürrüň berdi diýip, «TechCrunch» portaly habar berýär. Ýolbaşçynyň aýtmagyna görä, onuň işgärleri «Dara AI» guralyny resmi hasabatdan öň öz tanyşdyryş işlerini kämilleşdirmek we slaýdlary düzetmek üçin ulanýarlar. Baş direktor emeli aňyň toparlara taýýarlyk işlerini has takyk we netijeli alyp barmaga kömek edýändigini mälim etdi. Hosrowşahiniň beren maglumatlaryna görä, Uber-iň inžener-programmistleriniň takmynan 90%-i öz işlerinde emeli aň tehnologiýalaryny ulanýarlar. Işgärleriň 30%-i bolsa kompaniýanyň ulgamlaýyn gurluşyny doly täzeden gözden geçirýän ýokary derejeli ulanyjylardyr. «Olar ulgamyň gurulýan kerpiçlerini öndürýärler we ulgamyň nähili bolmalydygy barada oýlanýan arhitektorlardyr» diýip, Dara Hosrowşahi belledi. Kompaniýanyň ýolbaşçysy şeýle gurallaryň ornaşdyrylmagynyň işgärleriň öndürijiligini ozal görülmedik derejede üýtgedýändigini nygtady.