Türkiýe Demirgazyk aýlaw demir ýolunyň gurluşygy üçin alty halkara guramadan 6,75 milliard dollar maliýe serişdesini almak boýunça deslapky ylalaşyga ýetdi. Bu taslama Bütindünýä banky, Aziýa infrastruktura maýa goýum banky, Aziýa ösüş banky, Yslam ösüş banky, OPEK-iň Halkara ösüş gaznasy we Ýewropanyň täzeleniş we ösüş banky tarapyndan maliýeleşdiriler. Bu Türkiýäniň daşary ýurt maýasy bilen durmuşa geçirjek iň iri demir ýol taslamasy bolar. Demir ýol ugry ýurduň Aziýa tarapyndaky Gebze senagat zolagyndan başlap, Ýawuz Sultan Selim köprüsiniň üstünden geçýär we Ýewropa bölegindäki Halkaly nokadyna çenli uzalýar. Şunlukda Stambulyň iň iri iki howa menzili — Sabiha Gökçen we «Stambul» halkara howa menzili taryhda ilkinji gezek biri-biri bilen göni demir ýol arkaly birleşdiriler. 6,75 milliard dollarlyk daşary ýurt maýasy bilen bu taslama Türkiýäniň taryhynda iň iri halkara derejedäki maliýeleşdirilýän demir ýol taslamasy bolup durýar. Bu taslama häzirki wagtda agram salynýan «Marmaraý» liniýasynyň ýüküni ep-esli ýeňleder diýlip garaşylýar. Liniýanyň umumy uzynlygy 125 kilometr bolar. Gurluşyk işleriniň çäklerinde 44 sany tunel (umumy uzynlygy 59,1 km); 42 sany köpri (umumy uzynlygy 22,4 km) ýaly örän çylşyrymly inženerçilik desgalary göz öňünde tutulýar. Ministrlik tender işlerini şu ýylyň dowamynda tamamlamagy we gurluşyga başlamagy meýilleşdirýär. Demir ýol doly güýjünde işläp başlanda, ýylda 33 million ýolagçy gatnatmaga we 30 million tonna ýük daşamaga mümkinçilik berer.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir