UEFA Çempionlar ligasynyň 2025/2026-njy ýyl möwsüminiň pley-off (styk) tapgyry tamamlandy. Duşuşyklaryň netijesinde 1/8 finalyna kim-kimleriň gatnaşjagy belli boldy. Geçen gijäniň esasy wakalaryna gysgaça syny dykgatyňyza ýetirýäris: Bergamolylaryň «kambegi»: «Atalanta» — «Borussiýa» Dortmund (4:1) Birinji duşuşykda 0:2 hasaby bilen ýeňilen «Atalanta» öz meýdançasynda Germaniýaly klubuň oýnunda asgyn ýerlerini tapdy. «Atalanta» eýýäm duşuşygyň birinji ýarymynda hasaby 2:0 etdi, arakesmeden soň bolsa 3:0-a ýetirdi. «Borussiýa» bir gol urup, oýnuň umumy hasabyny deňledi, emma 90-njy minutda toparyň goragçysy Bensebaini öz jerime meýdançasynda düzgün bozup, hem gyzyl kart aldy, hem-de penalti getirdi. Lazar Samardžiç 11 metrlik urgyny dürs ýerine ýetirip, umumy hasaby 4:3-e çykardy. «Atalanta» Italiýanyň häzirki wagtda ýaryşda galan ýeke-täk wekili boldy. «Ýuwentus» «Galatasaraýy» aljyratdy «Ýuwentus» birinji oýundaky 2:5 hasabyndaky ýeňlişden soň, öýünde «Galatasaraýa» garşy örän batyrgaý oýun görkezdi. Turinliler 48-nji minutdan soň azlyk bolup oýnasalar-da, 3:0 hasabynda öňe geçip, oýny goşmaça wagta (ekstra-taýma) geçirmegi başardylar. Goşmaça wagtda «Galatasaraýyň» türk hüjümçisi Baryş Alper Ýylmaz ilki Wiktor Osimhene assist edip, soňra özi hem gol urup, «Ýuwentusyň» umytlaryny puja çykardy. Oýun 3:2 hasabynda tamamlandy (umumy hasap – 5:7). Stambully klub ýaryşdaky ýoluny dowam etdirýär. «Realyň» ýeňişi we Winisiusyň degnalara degen tansy «Real» öz meýdançasynda «Benfikany» 2:1 hasaby bilen utdy (umumy hasap 3:1). Ilki hasaby 14-nji minutda Mourinýonyň tälim berýän lissabonly topary açdy, emma eýýäm 2 minut geçensoň Tçuameni hasaby deňledi. Madridliler iki goly hem Federiko Walwerdeniň pasyndan soň geçirdiler. 80-nji minutda ikinji goly salan Winisius Žunior ýene-de burçdaky baýdagyň golaýyna baryp, birinji – myhmançylykdaky oýunda «Benfikanyň» janköýerleriniň janyny ýakan tansy gaýtalady. Ýatladyp geçsek, şol oýunda braziliýaly hüjümçi eminlere «Benfikanyň» oýunçysy J. Prestianni tarapyndan kemsidilendigi hakda şikaýat edipdi. Winisiusyň aýtmagyna görä, garşydaş toparyň oýunçysy agzyny futbolka bilen bukup, ony «maýmyn» diýip atlandyrypdyr. Prestianni oňa gaty-gaýrym söz aýdandygyny inkär etse-de, UEFA ony jogap oýundan çetleşdiripdi. PSŽ-niň ýeňişli deňme-deňligi Parižliler öz meýdançasynda «Monako» bilen 2:2 hasabynda deňme-deň oýnap, birinji oýundaky artykmaçlygy (3:2) bilen indiki tapgyra geçdiler. PSŽ-niň gollaryny Markinýos we Hwiça Kwaraçheliýa öz adyna ýazdyrdylar. 1/8 finalyň gatnaşyjylary we bije çekilişik Pley-off tapgyryndan «Real», «PSŽ», «Atalanta», «Galatasaraý», «Budýö-Glimt», «Baýer», «Nýukasl» we «Atletiko» Madrid geçmegi başardylar. 27-nji fewralda Nýonda geçiriljek bije çekilişikde toparlaryň garşydaşlary belli bolar. Bije tertibine görä toparlar öňden kesgitlenen iki garşydaşyň haýsy bolsa birine gabat gelmeli: «PSŽ» ýa-da «Nýukasl» — «Barselona» ýa-da «Çelsi» «Galatasaraý» ýa-da «Atletiko» — «Liwerpul» ýa-da «Tottenhem» «Real» ýa-da «Budýö-Glimt» — «Sporting» ýa-da «Mançester Siti» «Atalanta» ýa-da «Baýer» — «Arsenal» ýa-da «Bawariýa»

Sport, Ata Watan tarapyndan 13 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir