Russiýanyň Ylymlar akademiýasynyň Kosmos gözlegleri institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasynyň habar bermegine görä, Günde dört günlük doly asudalykdan soň işjeňlik täzeden başlandy. Bu hadysanyň alamatlary iki-üç gün ozal emele gelip başlan täze tegmiller toparynda hasaba alyndy. Kosmos barlaglary institutynyň hünärmenleri häzirki işjeňlik merkeziniň fewral aýynyň başynda güýçli alawlamalaryň sany boýunça XXI asyryň rekordyny goýan 4366 belgili zolak bilen baglanyşykly däldigini anyklady. Häzirki wagtda bolup geçýän hadysalar Gün diskiniň günorta böleginde ýüze çykýar. Bu zolakdaky şöhlelenmäniň derejesi M klasyna ýakyndyr, emma bu ýeriň gorizonta golaý ýerleşýändigi sebäpli, alawlamalaryň bir bölegi görünmän galýar. Hünärmenler eýýäm agzalan klasdaky alawlamalaryň tapgyrynyň emele gelýän bolmagynyň mümkindigini aýdýar. Mundan ozalky 4366 belgili işjeň merkez şu aýyň başynda iň ýokary X klasyna degişli alty sany we M klasyna degişli 70-e golaý güýçli alawlamany döretdi. Günüň arka tarapyna geçenden soň hem bu zolak öz güýjüni saklap galdy. «Demirgazykdaky gorizontdan tegmillerden ösüp çykýan magnit halkalary görünýär, ýöne tegmilleriň özi heniz görnenok. Emma häzirki işjeňligiň muňa hiç hili dahyly ýok. Bu Günüň günorta gyrasynda täze dünýä inen ýaş toparyň turuzýan tupanydyr» — diýip, barlaghanada bellenildi.