Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Estoniýa Respublikasynyň Prezidenti Alar Karise we ýurduň halkyna milli baýram — Garaşsyzlyk güni mynasybetli mähirli gutlaglaryny ýollady. Bu barada TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi. Döwlet Baştutany pursatdan peýdalanyp, Prezident Alar Karise berk jan saglyk we bagtyýarlyk, Estoniýanyň dostlukly halkyna bolsa parahatçylyk, mundan beýläk-de rowaçlyk we abadançylyk arzuw etdi. Estoniýanyň Garaşsyzlyk güni her ýylyň 24-nji fewralynda bellenilip geçilýär. Bu sene 1918-nji ýylda Estoniýanyň garaşsyz döwlet hökmünde yglan edilmegini aňladýan taryhy Manifestiň kabul edilmegi bilen baglydyr.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 6 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir