Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedow Bruneý-Darussalam Döwletiniň Soltany Hajy Hassanal Bolkiaha ýurduň Garaşsyzlyk güni mynasybetli gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada 23-nji fewralda TDH döwlet habarlar agentligi habar berdi. Döwlet Baştutany öz hatynda Bruneýiň soltanyna berk jan saglyk, bagt we abadançylyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Bruneý-Darussalam Döwleti Günorta-Gündogar Aziýada, Kalimantan adasynda ýerleşýär. Ýurt 1984-nji ýylda Beýik Britaniýadan doly garaşsyzlygyny aldy. Bruneý sebitdäki iň gadymy dolandyryjy nesilleriň biri bolan soltanlykdyr, onuň syýasy ulgamy monarhiýa dolandyryşyna esaslanýar. Milli baýram bolan Garaşsyzlyk güni her ýylyň fewral aýynyň ahyrynda bellenilýär.