Londonda britan we halkara kinematografiýasynda gazanylan üstünlikleri belleýän BAFTA baýragynyň 79-njy gowşurylyş dabarasy geçirildi. Agşamyň esasy ýeňijisi Pol Tomas Andersonyň «Bir söweşden soň beýleki» (Битва за битвой) filmi boldy. Film 14 ugur boýunça dalaşgär görkezildi we alty sany baýraga mynasyp boldy, bu bolsa dabara gatnaşyjylaryň arasynda iň ýokary netijedir. Film «Iň gowy film», «Iň gowy režissýorlyk işi» we «Iň gowy adaptirlenen ssenariý» kategoriýalarynda baýrak aldy. Şeýle hem operatorlyk işi we montaž üçin baýraklar berildi. Aktýor Şon Penn ikinji plandaky iň gowy erkek keşbi üçin sylaglandy. Raýan Kugleriň «Günäliler» (Грешники) filmi üç baýraga — «Iň gowy original ssenariý», Wunmi Mosakunyň ýerine ýetirmeginde «Ikinji plandaky iň gowy zenan keşbi», şeýle hem «Iň gowy özboluşly saz» üçin baýraklara mynasyp boldy. «Hamnet» dramasy «Görnükli britan filmi» we «Iň gowy zenan keşbi» kategoriýalarynda ýeňiji boldy, baýragy Jessi Bakli aldy. «Frankenşteýn» bolsa geýimler, grim we saç bezegleri, şeýle hem ssenografiýa üçin tapawutlandy. Robert Aramaýo iki baýrak — «Ant içýärin» (Клянусь) filmi üçin iň gowy aktýor we dogup gelýän ýyldyz hökmünde baýrak aldy. Bu film iň gowy kasting üçin hem baýraga mynasyp boldy. Iňlis dilinde bolmadyk iň gowy film diýlip, Norwegiýanyň «Sentimental gymmatlyk» (Сентиментальная ценность) filmi ykrar edildi. Iň gowy animasion film «Haýwanlar şäheri 2» (Зверополис 2) boldy, «Bung» hindi filmi bolsa iň gowy çagalar we maşgala filmi hökmünde baýrak aldy. Ýeňijileriň doly sanawy baýragyň saýtynda ýerleşdirildi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir