Ilon Mask özüniň X jemgyýetçilik torunda täze nesil Starship kosmos gämisiniň şu ýylyň mart aýynda ilkinji gezek uçuryljakdygyny habar berdi. Flight 12 uçuşy Starship V3 arhitekturasynyň ilkinji synagy bolar. Bu gäminiň has kämilleşdirilen we güýçli görnüşidir. Aslynda uçuş has ir meýilleşdirilipdi, emma 2025-nji ýylyň noýabrynda geçirilen synaglar wagtynda Booster 18 tizlendirijisine zeper ýetipdi. Indi bu missiýa üçin Booster 19 we Ship 39 toplumy taýýarlanylýar. Uçuşyň ilkinji gezek Tehasdaky Starbase bazasynyň ikinji goýberiş meýdançasyndan amala aşyrylmagyna garaşylýar, Ol öňki missiýalaryň profilini gaýtalar, ýöne bu gezek Mechazilla bilen tizlendirijini we gämini gapmak göz öňünde tutulmaýar. Maskyň aýtmagyna görä, SpaceX şu ýyl Starship gämisiniň doly köp gezeklik ulanylyşyny subut etmegi meýilleşdirýär. Bu bolsa kosmosa çykmagyň bahasyny 100 esse arzanladar. SpaceX kompaniýasy Pad 2 meýdançasynyň gurluşygyny tamamlap barýarka, eýýäm Pad 1 meýdançasyny döwrebaplaşdyrmak üçin taýýarlyk işlerine hem başlady.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir