Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna surata düşürilen «Kompozitor» atly film ýakynda TÜRKSOÝ halkara guramasynyň ýörite baýraklaryna mynasyp boldy. Şu mynasybetli 21-nji fewralda «Aşgabat» kinoteatrynda dabaraly maslahat geçirildi. Türkmenistanyň Prezidentiniň ýakyndan berýän goldaw-hemaýatlary netijesinde, şu ýylyň 15–18-nji fewraly aralygynda Türkiýe Respublikasynyň Ankara şäherinde Türkmenistanyň kino günleri geçirildi. Şol dabaralaryň çäklerinde 17-nji fewralda Ankaranyň Ýaşar Kemal adyndaky medeni merkezinde «Kompozitor» atly türkmen çeper filminiň görkezilişi guraldy. Soňra bu ajaýyp film üçin TÜRKSOÝ-yň halkara baýraklarynyň ikisi gowşuryldy: Filmiň surata düşürilmegine ýakyndan goldaw beren Gurbanguly Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat gaznasyna TÜRKSOÝ-yň «Goşa ganatly uly laçyn» atly ýörite sylagy; Filmi saz bilen bezändigi üçin kompozitor Kerim Berdimuhamedow «Ganatly altyn bedew» atly ýörite sylag bilen sylaglandy. Mälim bolşy ýaly, «Kompozitor» filmi 2024-nji ýylda «Gorkut Ata» atly ýurdumyzda geçirilen 4-nji halkara kinofestiwalynda «Eminleriň ýörite baýragyna», «Iň gowy zenan keşbi baýragyna», 2025-nji ýylda Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde geçirilen Kinematografiýa sungatynyň Ýewraziýa akademiýasynyň «Göwher kebelek» atly açyk Ýewraziýa kino baýragynda «Iň gowy suratkeş» ugry boýunça baýraklara mynasyp boldy. Dabaraly maslahatyň dowamynda Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi tarapyndansurata düşürilen «Kompozitor» atly kinofilmden pursatlar hem görkezildi. Bu filmde türkmen halkynyň milli saz sungatyny, onuň jadylaýjy güýjüni görkezýän maglumatlar we görnüşler beýan edilýär. Filmiň tutuş dowamynda wakalar sazyň utgaşdyrylmagynda beýan edilýär. Filmde Gahryman Arkadagymyzyň agtygy Kerim Berdimuhamedowyň döreden sazlary ýaňlanýar. Zehinli ýaş kompozitoryň sazlary baş gahrymanyň hyýalynda Diýarymyzyň çar künjegine seýil-seýran edýän pursatlary aýratyn täsirli kabul edilýär. Köýtendagyň belent gerişlerindäki meşhur dinozawrlaryň aýak yzlaryndan Günbatardaky sönen ýanardaglaryň ak hek gaýalaryna çenli, Berkarar Watanymyzň sebitleriniň ähli tebigat gözellikleri, ajaýyp Awaza, täze döwrebap şäherlerdir gadymyýetiň taryhy ýadygärlikleri -- bularyň ählisi Kerim Berdimuhammedowyň saz bezegi bilen sazlaşýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 4 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir