Prezident Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onuň dowamynda, hususan-da, baharyň birinji aýy üçin meýilleşdirilen medeni çäreleriň Tertibi hödürlendi diýip, «Watan» habarlar gepleşigi habar berýär. Wise-premýer B. Seýidowanyň hasabatyna görä, mart aýynda ýurtda şu aşakdaky çäreler göz öňünde tutulýar: Halkara zenanlar güni mynasybetli Türkmenistanyň Prezidentiniň adyndan ýurduň zenanlaryna pul sowgatlarynyň gowşurylmagy, Aşgabadyň Mukamlar köşgünde, Arkadag şäherinde we welaýatlarda baýramçylyk konsertleriniň geçirilmegi; Köp çagaly maşgalalaryň arasynda estafeta bäsleşiginiň guralmagy; Suratkeşleriň sergisi we teatr oýunlary; Yglan edilen döredijilik bäsleşikleriniň, şol sanda «Talyp gözeli», «Iň eýjejik gyzjagaz», «Zenan — Zeminiň zynaty», «Ýaşlygymyň bahary» atly bäsleşikleriň jemleriniň jemlenmegi; Milli bahar baýramy mynasybetli «Türkmeniň ak öýi» binalarynyň öňünde, Arkadag şäherinde we Ak bugdaý etrabynyň Nowruz ýaýlasynda dabaralaryň geçirilmegi; Daşoguz welaýatynda ýurduň ähli künjeklerinden dessançy bagşylaryň gatnaşmagynda «Dünýäde ýaňlanýar ajap dessanym, toý tutýar Garaşsyz Türkmenistanym!» atly festiwalyň geçirilmegi. Serdar Berdimuhamedow wise-premýere meýilleşdirilen dabaraly çäreleriň ýokary guramaçylyk derejesini üpjün etmegi tabşyrdy.