Ýewropanyň awiagurluşyk kompaniýasy Airbus özüniň giň fýuzelýažly flagman A350 uçarynyň has köp ýolagçy sygdyrýan görnüşini çykarmak mümkinçiligini öwrenýär. Bu barada kompaniýanyň baş direktory Giýom Fori 19-njy fewralda geçirilen ýyllyk brifingde mälim etdi. Häzirki wagtda bu uçaryň iň uly görnüşi A350-1000 bolup, ol adaty gurluşynda 350-den 410-a çenli ýolagçyny sygdyryp bilýär. Ýöne Airbus bazaryň has agramly we uzyn uçara isleg bildirýändigine ünsi çekýär. Täze uçar ölçegleri we ýolagçy sygymy boýunça Airbus-yň häzirki flagmanyndan öňe geçýän amerikan Boeing 777-9 uçaryna gönüden-göni bäsdeş bolmaga gönükdirilendir. Kompaniýanyň ýolbaşçysy fýuzelýažyň uzaldylmagyny «önümiň tebigy ewolýusiýasy» diýip atlandyrdy, emma gutarnykly kararyň heniz kabul edilmändigini belledi. Häzirki wagtda taslama «öý işi» tapgyrynda barýar: inženerler sargytçylaryň talaplaryny we tehniki çäklendirmeleri, şol sanda şeýle uçar üçin täze we has güýçli hereketlendirijileri ulanmak zerurlygyny seljerýär.