Prezident Serdar Berdimuhamedow hanym Sanae Takaitä Ýaponiýanyň Premýer-ministri wezipesine gaýtadan saýlanylmagy mynasybetli tüýs ýürekden gutlaglaryny we iň gowy arzuwlaryny ýollady. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Tokio şäherinde geçirilen “Merkezi Aziýa — Ýaponiýa” dialogynyň ilkinji sammitiniň çäklerindäki duşuşygy ýakymly duýgular bilen ýatlaýandygyny belledi. Şeýle hem ýola goýlan ynanyşmak dialogynyň esasynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň giň mümkinçiliklerini geljekde hem bilelikde ulanmaga taýýardygy nygtaldy. Serdar Berdimuhamedow Premýer-ministr Sanae Takaitä berk jan saglyk we jogapkärli döwlet işinde uly üstünlikleri, Ýaponiýanyň halkyna bolsa mundan beýläk-de abadançylyk arzuw etdi. Sanae Takaiti Ýaponiýanyň 105-nji Premýer-ministri hökmünde saýlandy. Ol saýlawlarda 125 deputatyň goldawyny aldy, onuň ýolbaşçylygyndaky Liberal-demokratik partiýa bolsa parlamentdäki 465 ornuň 316-syny eýelemegi başardy. Sanae Takaiti premýer-ministr wezipesine ilkinji gezek 2025-nji ýylyň 21-nji oktýabrynda girişip, Ýaponiýanyň taryhynda bu wezipäni eýelän ilkinji zenan boldy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir