Audi kompaniýasy Hytaýyň SAIC konserni bilen bilelikde döreden täze AUDI E7X krossoweriniň gyşky synag suratlaryny çap etdi. Bary-ýogy birnäçe aýyň içinde konseptual (taslama) modelden hakyky ýollarda synag edilýän wersiýasyna öwrülen bu ulag Audi-niň Hytaý bazaryndaky täze strategiýasyny aňladýar. Ulagda däp bolan Audi elementleriniň ýerine has döwrebap we futuristik çözgütler ulanylypdyr. Adaty dört halkanyň ýerine kapotda ýalpyldaýan täze "AUDI" ýazgysy bar. Radiator gözeneginiň ýerini jebis panel tutýar we bamperde işjeň howa gapaklary oturdylypdyr. Üçekde awtonom dolandyryş üçin lidar ulgamy ýerleşýär. Şeýle hem adaty aýnalaryň ýerine sanly gapdal aýnalar hödürlener. Tekerleriň merkezindäki gapaklar Rolls-Royce ulaglaryndaky ýaly, teker aýlananda hem hereketsiz duran görnüşde bolmagy mümkin. Krossower özüniň äpet ölçegleri bilen tapawutlanýar - uzynlygy: 5049 mm; teker bazasy: 3060 mm (bu bolsa salonyň örän giňdigini aňladýar). Bäş adamlyk standart görnüşden başga-da, has oňaýly iki sany aýratyn yzky oturgyçly wersiýasy hem bolar. AUDI E7X iki sany dürli güýç ulgamy bilen sertifikatlaşdyryldy: Standart: 408 at güýji, öň tekerleri hereketli. Top-wersiýa: 680 at güýji, ähli tekerleri hereketli (AWD). 0-dan 100 km/s tizlige 5 sekuntda ýetýär. Maksimal tizlik: 230 km/sag. Batareýa: 100 ýa-da 109,3 kWt/sag kuwwatlylyk. Bir gezekki zarýad bilen 615-den 751 km-e çenli ýol söküp bilýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir