Hüjümçi Bukaýo Saka «Arsenal» bilen şertnamasyny 2031-nji ýyla çenli uzaltdy. Bu barada London klubunyň resmi saýty habar berýär. Mundan ozal metbugatda täze şertnamanyň iňlis oýunçysynyň zähmet hakyny ep-esli ýokarlandyrjakdygy we wingeriň Ýewropanyň iň gowy oýunçylarynyň biri hökmünde statusyny tassyklaýandygy barada maglumatlar peýda boldy. Şu möwsümde Bukaýo Saka klubuň düzüminde ähli ýaryşlarda 34 oýna gatnaşyp, sekiz gol geçirdi we bäş assist etdi. Transfermarkt internet portalynyň maglumatlaryna görä, oýunçynyň bazar bahasy 130 mln ýewro deňdir. Häzirki wagtda «Arsenal» 58 utuk toplap, Angliýanyň Premýer-ligasynyň ýaryş jedwelinde birinji orny eýeleýär. «Mançester Siti» bu topardan bäş utuk yza galýar, emma onuň ätiýaçda bir oýny bar.