YouTube-daky ilkinji wideo we platformanyň 2006-njy ýyldaky interfeýsi Londonyň Wiktoriýa we Albert muzeýiniň resmi eksponatyna öwrüldi. Artnet neşiriniň habar bermegine görä, bu sanly artefakt internetiň taryhyndaky iň ähmiýetli pursatlaryň biri hökmünde dizaýn kolleksiýasyna goşuldy. Muzeýiň guramaçysy Karolina Gradner bu satyn alnan gymmatlygyň internetiň häzirki zaman «giperwizual dünýäsini», media gurşawyny we kontent döredijileriniň ykdysadyýetini nähili kemala getirendigini görkezmäge mümkinçilik berjekdigini aýdýar. 2006-njy ýylyň nusgasyndaky YouTube rekonstruksiýasy wideo-hostingiň UX topary bilen bilelikde taýýarlandy. Ýigrimi ýyl mundan ozalky köne tehnologiýalaryň, aýratyn-da Adobe Flash Player-iň döwrebap ulgamlarda işlemegini üpjün etmek üçin inženerler adaty bolmadyk çözgütleri ulanmaly boldular. Muzeý eksponaty saýtyň 2006-njy ýylyň 8-nji dekabrynda hasaba alnan asyl frontend kodundan, «Me at the Zoo» wideofaýlyndan we 2006-2007-nji ýyllar aralygynda sahypada görkezilen mahabat bildirişlerinden ybarat üç bölegi öz içine alýar. Dünýäde ilkinji bolup YouTube-a ýüklenen «Me at the Zoo» wideosyny 2005-nji ýylyň 24-nji aprelinde platformanyň esaslandyryjylarynyň biri Jawed Karim ýerleşdiripdi. Bary-ýogy 19 sekuntlyk bu wideoda ol San-Diego haýwanat bagynda pilleriň öňünde durup, olaryň hakykatdan hem uzyn holtumlarynyň bardygy hakda gysgajyk gürrüň berýär. Häzirki wagta çenli bu wideo 382 milliondan gowrak gezek görüldi. Indi bu taryhy pursaty we saýtyň köne keşbini Saut-Kensingtondaky muzeýiň «Design 1900–Now» galereýasynda görüp bolar.