One Media-nyň YouTube kanalynda garyşyk söweş sungaty (MMA) baradaky «Ýyrtyjy» («Зверь») atly sport dramasynyň treýleri peýda boldy. Filmde baş rollary Deniel Makferson, Lýuk Hemswort we Rassell Krou ýerine ýetirdiler. Kino 10-njy aprelde ekrana çykar. Filmde mundan köp ýyl ozal sportdan giden we asuda durmuşda ýaşamaga synanyşan öňki MMA çempiony barada gürrüň berilýär. Onuň kiçi dogany howp astyna düşende ýagdaýlar üýtgeýär. Kynçylyklar gahrymany pofessional söweşleriň dünýäsine dolanmaga mejbur edýär. Ol jemleýji söweşe taýýarlyk görýän wagty, öňki ýeňişlerine ýaran bolan tälimçisi bilen gaýtadan birleşýär. Netijede öňki çempion häzirki döwrüň iň güýçli söweşijisine garşy göreşmeli bolýar. Film Aziýanyň iri söweş promouşeni bolan «ONE Championship» bilen hyzmatdaşlykda döredildi. Esasy sahnalar 2025-nji ýylyň ýanwar aýynda Bangkokda «ONE 170» söweş ýaryşy gidip duran mahalynda, 10 müň adamlyk tomaşaçynyň öňünde ýazgy edildi. Bu aýratynlyk, filmi synlaýan wagtyň hakyky uly söweşlere mahsus dartgynlylygy duýmaga mümkinçilik berýär. Filmiň ssenarisini Dewid Frijerio we Rassell Krou ýazdylar. Aktýorlaryň düzümine Bren Foster, Emi Şark, Modjan Ariýa we Kelli Geýl dagylar hem girdi.