Meşhur adamlardan şahsy wideogutlaglary sargyt etmäge mümkinçilik berýän Cameo platformasy bilen OpenAI kompaniýasynyň arasyndaky dawada Kaliforniýanyň Demirgazyk okrugynyň federal kazyýeti Cameo-nyň tarapyny çaldy. Çykarylan görkezmä görä, OpenAI öz önümlerinde we algoritmlerinde «Cameo» sözüni ulanmagy bes etmeli bolar. OpenAI bu sözi özüniň Sora 2 emeli aň modeline esaslanýan wideo ýasaýjy goşundysynda ulanypdy. Ulanyjylar Cameo funksiýasy arkaly özleriniň sanly şekillerini EA tarapyndan döredilýän wideolaryň içine ýerleşdirip bilýärdiler. Kazyýet kararynda bu funksiýanyň adynyň öňden bar bolan platformanyň adyna örän meňzeşdigi we munuň ulanyjylaryň arasynda bulaşyklyk döredip biljekdigi bellenilýär. Şeýlelikde, kazyýet OpenAI-iň «Cameo sözi diňe funksiýanyň düşündirişi hökmünde ulanyldy» diýen delilini ret etdi we bu sözüň «beýan etmekden däl-de, gönüden-göni brendi ýatlatmakdan ybaratdygy» baradaky netijä geldi. Geçen ýylyň noýabr aýynda kazyýet Cameo platformasynyň şikaýatyny kanagatlandyryp, OpenAI önümlerinde bu sözüň ulanylmagyna wagtlaýyn gadaganlyk girizipdi. Şondan soň kompaniýa degişli funksiýanyň adyny «Characters» diýip üýtgetmäge mejbur boldy. Cameo-nyň baş direktory Stiwen Galanis bu kararyň diňe bir öz kompaniýalary üçin däl, eýsem Cameo brendine bil baglaýan müňlerçe adamlar üçin hem möhüm ýeňişdigini aýtdy. OpenAI-iň wekili bolsa hiç kimiň «Cameo» sözi üçin aýratyn eýeçilik hukugyny talap edip bilmejekdigini öňe sürüp, öz garaýyşlaryny goramagy dowam etdirjekdiklerini duýdurdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 2 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir