Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýew Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowy mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli gutlady. Bu barada «Türkmenistan» gazetinde habar berildi. «Siziň Alyhezretiňize hem-de Türkmenistanyň doganlyk halkyna yslam ymmatynyň hemişe uly şatlyk bilen garşy alýan mukaddes Oraza aýynyň ýetip gelmegi mynasybetli mähirli gutlaglarymy we iň gowy arzuwlarymy beýan edýärin. Milli gymmatlyklary, däpleri özara utgaşýan, ýokary ahlak ýörelgelerine eýerýän halklarymyz bu mukaddes aýy parahatçylyk, asudalyk, özara hormat goýmak, ýakyn dostluk ruhunda garşylaýar. Munuň özi biziň kalplarymyzy aýratyn hoşniýetlilik bilen gurşaýar» diýlip, özbek lideriniň gutlagynda bellenilýär. Gutlagda bilelikdäki tagallalar netijesinde soňky ýyllarda ýurtlaryň arasyndaky hemmetaraplaýyn strategik hyzmatdaşlyk gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarylyp, halklaryň umumy abadançylygynyň bähbidine hyzmat edýändigi bellenilýär.