Gelşi bilen güldüren, Kalba huzur dolduran, Ynsanlygy bildiren, Remezan geldi, Remezan. Säherde galkyň ynsanlar, Hatym ediň Kuranlar, “Eý, wah” diýsin şeýtanlar, Remezan geldi, Remezan. Gaflat aýy däldir bu, Öýke aýam däldir bu, Rahmet aýy diýmek bu, Remezan geldi, Remezan. Bu aý är meýdanydyr, Tutup bilseň peýdaňadyr, Girjek gapyň ol Reýýandyr, Remezan geldi, Remezan. Kagbul Ahbar Allahu tagala ondan razy bolsun! Pygamberimiz aleýhissalam rowaýat etdi: — Eý ýaranlar, Hak tagala sizleri uluglap remezan aýyny iberdi. Allahu tagala ony başga hiç pygamberiň ummatyna ibermedi. Ol remezan aýynyň orazasyny meniň ymmatym üçin sylaglady. Siz hem ony uluglaň we eziz tutuň. Çünki siz özge ymmatlaryň arasynda kyýamat güni bu sebäpden eziz bolarsyňyz. Her kim remezan aýynda bir gije ybadat etse, gündiz ýalançylykdan, gybatdan, töhmetden we şugulçylykdan özüni saklasa, Haktagala ol bendä müň aý ybadat edeniň sogabyndan hem köp sogap berer. Resul aleýhissalam ýene aýtdy: Remezan aýy gelende dowzahyň işigini baglarlar, behişdiň işigini açarlar we şeýtany bent ederler. Her kim oraza tutsa, ýalan sözlemese, göriplikden we töhmetden daş dursa we gybat etmese, bäş wagt namazyny jemagat bilen okasa, şol mertebe bilen remezany ötürse, Haktagala ol bendäniň şol ýyl eden günäsini geçer. Ol bende remezan aýyny şol mertebe bilen ötürse günäden päk bolar we eneden ýaňy dogan çaga dek bolar. Remezan aýyny mukaddes topraklarda geçirmek isleýänler üçin “Mukaddes behişt ýoly” HK umra zyýaratlaryny gurnaýar we goşulmaga çagyrýar! Ýokary hilli hyzmatlar umra zyýaratyna gitjek raýatlara amatly bahalardan hödürlenilýär. Habarlaşmak üçin telefon belgileri: + 99371 96-60-00; + 99360 19-60-00; + 99371 19-60-00.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir