Meşhur amerikan repçisi Pitbull Londonyň «BST Hyde Park» festiwalynda konsert berer. Onuň dowamynda guramaçylar kel oturtmany kellä geýen adamlaryň sany boýunça dünýä rekordyny täzelemäge synanyşarlar. Bu gülkünç fleşmoby gurnamak pikiri Radio 1 radioýaýlymynyň alyp baryjysy Greg Jeýmsiň kellesine gelipdir, aýdymçynyň özi hem muňa höwes bilen razy bolupdyr. Bu köpçülikleýin çäre geçen ýyl Pitbull-yň konsertlerinde kän gaýtalanan üýtgeşik bir ýagdaýyň netijesinde peýda boldy. Özlerini «The Bald E’s» diýip atlandyrýan muşdaklar aýdymçynyň meşhur keşbine öýkünip, konsertlere kel oturtmaly, «awiator» äýnekli, deri kurtkaly gelmegi adat edindiler. Bu ýagdaý Londonyň «The O2» arenasyndaky konsertlerde has-da ýörgünli boldy. Ginnesiň rekordlar kitabyna girmek üçin gatnaşyjylar birnäçe kadany örän berk berjaý etmeli bolar: kel oturtmany kellä berk berkitmeli, saçyňy gowy ýygşyrmaly (diňe ýeňsaňdäki saçyň çykyp durmagyna rugsat berilýär) we bu keşpde azyndan bir minut durmaly. Bu rekord goýulyşyga Guinness World Records guramasynyň resmi wekili gözegçilik hem eminlik eder. Şol agşam «BST Hyde Park» sahnasynda Pitbull bilen bilelikde meşhur aýdymçy Kesha hem çykyş eder. Şeýle-de festiwalyň maksatnamasynda Garth Brooks, Maroon 5 we Mumford & Sons ýaly dünýä belli ýyldyzlaryň hem atlary bar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir