Ilon Mask xAI kompaniýasy tarapyndan işlenip düzülen uly dil modeliniň täzelenmesi bolan Grok 4.2 wersiýasynyň çykandygyny habar berdi. Neýroulgam eýýäm köpçülikleýin beta-testirleme görnüşinde ulanyjylara elýeterlidir. Grok 4.2-niň esasy aýratynlygy — onuň aşa çalt öwrenmäge bolan ukybydyr. Maskyň aýtmagyna görä, model maglumatlary has çalt işläp taýýarlamaga we iş prosesinde kämilleşmäge ukyply bolar. Şeýle hem ol neýroulgamyň her hepde täzelenip durjakdygyny habar berdi. Bu täzelenmeler resmi üýtgeşmeler sanawynyň (changelog) çap edilmegi bilen utgaşdyrylar. Maskyň sözlerine görä, häzirki testirleme tapgyry önümiň ösmeginde möhüm orun tutýar, sebäbi bu işläp düzüjilere ulanyjylardan yzyna dolanyşyk (seslenme) almaga mümkinçilik berýär. «Geljek aýda köpçülikleýin beta-testirleme tamamlanýança, Grok 4.2 modeli Grok 4-den takmynan on esse has akylly we çalt bolar. Her gün köp sanly ýalňyşlyklary düzedişler we gowulandyrmalar girizilýär. Köpçülikleýin beta-testirleme bize göz öňünde tutmaly bolan has möhüm seslenmeleri berýär» — diýip, Mask belledi.