Netflix öz taryhynda ilkinji gezek MMA söweşini göni ýaýlymda görkezer. 16-njy maýda geçiriljek bu tutluşygyň gatnaşyjylary Ronda Rauzi we Jina Karano bolar. Zenan türgenleriň ikisi hem karýerasyny tamamlanlaryndan soň, ýene oktagona dolanýar. Rauzi sportdan 2016-njy ýylda, Karano bolsa 2009-njy ýylda gidipdi. Guramaçylar bu çäräni türgenler üçin bir gezeklik kambek diýip atlandyrýar. Ýarym ýeňil agramdaky söweş alty burçly gözenegiň içinde bolar we oňa platformanyň ähli agzalary tomaşa edip biler. Çäräniň guramaçylarynyň biri hem Jeýk Pol tarapyndan esaslandyrylan Most Valuable Promotions kompaniýasydyr. Söweş üçin eýýäm karýerasyny tamamlan türgenleriň saýlanyp alynmagy MMA-nyň häzirki ýyldyzlarynyň şertnamalaýyn çäklendirmeleri bilen bagly bolmagy ähtimal. Netflix üçin bu garyşyk başa-baş söweşleri göni ýaýlyma bermekde ilkinji tejribesidir. Mundan ozal platforma boks duşuşyklaryny, dürli şüweleňleri, sport çärelerini we baýrak gowşurylyş dabaralaryny göni ýaýlymda görkezipdi. Ronda Rauzi — UFC-niň öňki çempiony we Olimpiýa oýunlarynyň baýrakçysy. Onuň MMA-da 12 ýeňşi we 2 ýeňlişi bar. Jina Karano — 2006-njy ýylda MMA-da ilkinji gezek çykyş edip, gysga wagtyň içinde zenanlaryň arasynda garyşyk başa-baş söweşleriň iň belli wekilleriniň birine öwrüldi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir