18-nji fewralda Saud Arabystanynyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň binasynda Türkmenistanyň Hökümetine ynsanperwerlik sowgady — hijri senenamasynyň 1447-nji ýylynyň hasyly bolan 5 tonna hurmany gowşurmak dabarasy geçirildi. Sowgat Iki Mukaddesligiň Hyzmatkäri, Salman bin Abdulaziz Al Saud adyndan gowşuryldy. Hurmalar umumy agramy 5 tonna bolan 625 guta gaplanyldy. Dabaraly çärä ilçihananyň geňeşçisi, diplomatik wekilhananyň ýolbaşçysynyň orunbasary Naif bin Saud Al-Sahli, Patyşalygyň Yslam işleri, wagyz-nesihat we aň-bilim ministrliginiň wekili Talal Al-Maliki, şeýle hem Türkmenistanyň Müftüliginiň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň dowamynda Naif bin Saud Al-Sahli Türkmenistanyň Müftüliginiň wekilleri bilen duşuşdy. Olar iki ýurduň arasyndaky dostlugy we doganlygy alamatlandyrýan sahawatly sowgat üçin Saud Arabystanynyň Hökümetine minnetdarlyk bildirdiler. Şeýle hem türkmen tarapy her ýyl Haj parzlaryny berjaý etmekde türkmen zyýaratçylaryna görkezilýän goldaw we ýardam üçin hoşallyk sözlerini aýtdy.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir