Häzirki zaman organizmleriniň ählisiniň nesil daragty takmynan dört milliard ýyl ozal ýaşan iň irki uniwersal umumy kowumbaşylara baryp direýär. Emma ABŞ-ly alymlar mundan hem aňryk gidip, «uniwersal paraloglar» diýlip atlandyrylýan ýörite genleri öwrendiler. Paraloglar — bu genomda birnäçe gezek duş gelýän kowumdaş genlerdir. Meselem, ynsanda gemoglobiniň sekiz dürli geni bolup, olaryň ählisi hem bir gadymy genden gözbaş alýar. Uniwersal paraloglar örän seýrek duş gelse-de, olar tas ähli janly-jandarlarda bar. Bu bolsa, olaryň umumy kowumbaşydan hem öň dörändigini subut edýär. Barlaglar bu genleriň beloklaryň sintezine we molekulalaryň öýjük membranalaryndan geçişine gatnaşýandygyny görkezdi. Alymlar häzirki zaman beloklaryndan has ýönekeý bolsa-da, membranalara birigip, beloklaryň ornaşmagyna kömek etmäge ukyply iň gadymy beloklaryň biriniň gurluşyny dikeltdiler. Bu iş, iň irki öýjükleriň nähili işländigi barada täze maglumatlary berýär. Häzirki wagtda barlagçylar täze uniwersal paraloglary tapmak we Ýer ýüzünde ýaşaýşyň nähili dörändigini doly anyklamak üçin emeli aňy ulanmagy meýilleşdirýärler.

Tehnologiýa, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir