Halkara alymlar topary Gündogar Antarktidadaky güýçli magnit anomaliýasynyň gelip çykyşyny ilkinji gezek anykladylar. Barlaglar bu hadysanyň takmynan bir milliard ýyl ozal gadymy kontinentleriň çakyşmagy we Rodiniýa superkontinentiniň emele gelmegi bilen baglanyşyklydygyny görkezdi. Antarktida takmynan 2,2 kilometr galyňlygyndaky buz gatlagynyň aşagynda gizlenendigi sebäpli, onuň geologik gurluşy şu wagta çenli ýüzleý öwrenilipdi. 2026-njy ýylyň ýanwar-fewral aýlarynda geçirilen Russiýa-Hytaý ekspedisiýasy ilkinji gezek buzy burawlap, Gündogar Antarktidanyň düýp gatlaklaryna ýetmegi başardy. Alymlar uzynlygy 500 kilometrden gowrak bolan magnit anomaliýasyny öwrendiler. Olar 540 metrden gowrak buzy burawlap, buzlagyň düýbünden dag jynslarynyň nusgalaryny aldylar. Sankt-Peterburgda geçirilen barlaglar (himiki, izotop seljermesi we sirkonlaryň uran-gurşun senelenmesi) arkaly jynslaryň düzümi we ýaşy anyklandy. Taslamanyň ýolbaşçysy professor German Leýçenkowyň habar bermegine görä, alnan nusgalar mafik granulitleri — ýokary magnit duýgurlygy bolan goýy reňkli kristal jynslary bolup çykdy. Bu jynslar Rodiniýanyň emele gelen döwründe Antarktida birigen gadymy wulkan ýaýynyň bir bölegi bolupdyr. Ilkinji magma çeşme takmynan 970 million ýyl ozal ýüze çykypdyr, massiw 18 kilometr çuňlukda, 790 gradusa çenli gyzgynlykda iki gezek metamorfizme (gurluş üýtgemesine) sezewar bolupdyr. Bu alnan maglumatlar Antarktidanyň häzirki zaman geofiziki anomaliýalaryny gadymy kontinentleriň birikme mehanizmleri bilen ilkinji gezek gönüden-göni baglanyşdyrýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir