Häzirki zaman oba hojalyk ekinleriniň ýabany ata-babalarynyň 10–12 müň ýyl ozal ýaýraýşynyň ilkinji jikme-jik kartasy döredildi. Kopengagen uniwersitetiniň (Daniýa) we Basklar ýurdunynyň uniwersitetiniň (Ispaniýa) halkara alymlar toparynyň ylmy işi «Open Quaternary» žurnalynda çap edildi. Alymlar häzirki bugdaýyň, arpanyň, çowdarynyň we merjimegiň ata-babasy bolan ýabany ösümlikleriň 65 görnüşiniň ösýän ýerleri baradaky maglumatlary MGEIK-iň (Klimatyň üýtgemegi boýunça hökümetara topary) klimatik modelleri bilen birleşdirdiler. Geçmişe geçirilen bu modeller ekerançylygyň dörän döwründe şol ösümlikleriň nirelerde ösüp biljekdigini görkezdi. Arheologik maglumatlar ilkinji ekerançylyk jemgyýetleriniň takmynan 12 000 ýyl ozal Ýakyn Gündogarda ýüze çykandygyny tassyklaýar. Emma adamlaryň ýabany däneleri anyk haýsy künjeklerden ýygnandygy şu wagta çenli näbelliligine galypdy. «Bizde gazuw-agtaryş işlerinde tapylan gurallar, tohumlar we haýwan süňkleri barada maglumatlar bar. Ýöne şol sebitleriň tebigy ösümlik dünýäsi biz üçin syrlylygyňda galýardy. Neolit döwrüniň halklarynyň soňra medenileşdiren ösümliklerini ilki nireden tapandygyny anyk bilmeýärdik» diýip, arheolog Jo Rou munuň näderejede ähmiýetli işdigini düşündirdi. Gözlegleriň netijeleri ekinleriň ýabany ata-babalarynyň esasan Lewantyň (häzirki Liwan, Ysraýyl we Siriýa) Ortaýer deňiz kenarlarynda jemlenendigini görkezdi. «Ýabany ekinleriň köpüsi has sowuk we gurak şertlere gowy uýgunlaşypdyrlar» diýip, arheobotanik Amaýa Arrans-Otaegi belledi. Awtorlar modelirleme usulynyň arheologik maglumatlaryň üstüni ýetirýändigini, ösümlik dünýäsiniň doly keşbini we irki ekerançylygyň ekologik baglanyşygyny görmäge mümkinçilik berýändigini nygtaýarlar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 3 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir