14-nji fewraldan 16-njy fewral aralygynda Dubaý şäherinde geçirilen «IWISE Global Final 2026» halkara robototehnika bäsleşiginde türkmen okuwçylary 12 sany medal gazanmagy başardy. Dünýäniň dürli ýurtlaryndan 400-den gowrak ýaş innowatoryň gatnaşan bu ýaryşynda Türkmenistanyň topary ýokary netijeleri görkezdi. Bäsleşigiň jemleri boýunça ýurdumyzyň wekilleri 2 altyn, 6 kümüş we 4 bürünç medala mynasyp boldy. Altyn medallary gazananlar: · Selim Begmyradow (Aşgabat şäherindäki 7-nji orta mekdep); · Abduljelil Patyşagulyýew (Aşgabat şäherindäki 97-nji ýöriteleşdirilen orta mekdep). Gatnaşyjylaryň ikisi hem «Line Follower» ugry boýunça ýeňiji boldy we bäsleşigiň «Iň gowy topary» diýlip yglan edilip, ýörite baýrak bilen sylaglandy. Kümüş medallaryň eýeleri: Abdullah Annaýew («Line Follower»), Muhammedkasym Annaýew («Mini Sumo»), Saranur Annaýewa, Polat Saparow, Bilalkerem Berdiýew we Aýsenem Akmyradowa. Bürünç medallary gazananlar: Ebubekir Berdiýew («Line Follower»), Muhammedulemin Annaýew («Maze/Labirint»), Rahman Garrygulow we Gurbanmuhammet Magtymgulyýew. Aşgabat şäherindäki 6-njy ýöriteleşdirilen orta mekdebiniň okuwçysy Muhammedulemin Annaýew eminler topary tarapyndan ýörite baýraga eýe boldy. Ýeňijiler Arkadag şäheriniň 1-nji ýöriteleşdirilen okuw-terbiýeçilik toplumynyň robototehnika gurnagynyň hem-de «Kämil bilim» okuw merkeziniň wekilleri bolup, olary mugallymlar Myrat Sähetgulyýew we Halil Kowusow taýýarlady. Mugallym M. Sähetgulyýew bu üstünlik barada şeýle diýdi: «Bu ýeňiş diňe bir mekdep okuwçylarynyň däl, eýsem ýurdumyzyň geljegi bolan ýaş nesliň tehnologiýa dünýäsinde uly mümkinçiliklere eýediginiň aýdyň subutnamasydyr. Döredilýän şertlerdir mümkinçilikler üçin Gahryman Arkadagymyza hem-de Arkadagly Gahryman Serdarymyza köp sagbolsun aýdýaryn!».

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir