Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň Amerikanyň Birleşen Ştatlaryna sapary başlandy. TDH-nyň habar bermegine görä, türkmen halkynyň Milli Lideri 16-njy fewralda ir bilen Halk Maslahatynyň Diwanyndan çykyp, Aşgabadyň Halkara howa menziline bardy we ol ýerden ABŞ-a ugrady. Bu sapar iki ýurduň arasyndaky dürli ugurlary öz içine alýan we täze derejä çykýan konstruktiw döwletara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmenistan bilen ABŞ-nyň arasyndaky hyzmatdaşlyk hoşniýetlilik we deňhukuklylyk ýörelgelerine esaslanyp, onda amerikan kompaniýalary oba hojalygy we senagat ulgamlarynda bilelikdäki taslamalary amala aşyrmakda işjeň orun eýeleýärler. Iki ýurduň işewür düzümleriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň giňelmegi täze maýa goýum mümkinçiliklerini döredýär we ykdysady gatnaşyklary berkidýär. Gurbanguly Berdimuhamedowyň ABŞ-a sapary dowam edýär.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir