Britaniýaly belli boksçy Taýson Fýuri we asly russiýaly Arslanbek Mahmudow aprel aýynda boljak uly söweşiň öňüsyrasynda ilkinji gezek Londonda duşuşdylar. Iki boksçynyň "bakyşlaryň çaknyşygy" dabarasy söweşe bolan gyzyklanmany has-da artdyrdy. Söweş 2026-njy ýylyň 11-nji aprelinde Londonyň meşhur "Tottenhem Hotspur" stadionynda geçiriler. 37 ýaşly Taýson Fýuri bu söweş arkaly uly ringe gaýdyp gelýär. Ol WBC, WBO, IBO, WBA Super we IBF ýaly iň abraýly sport guramalarynyň öňki dünýä çempionydyr. Onuň hasabynda 34 ýeňiş (24-si nokaut bilen), 2 ýeňliş we 1 deňme-deňlik bar. Fýuri bu duşuşykda aýgytly nokaut bilen ýeňiş gazanjakdygyna we ýene-de öňki abraýyny dikeltjekdigine ynanýar. 36 ýaşly Arslanbek Mahmudow häzirki wagtda WBA Inter-Continental titulyň eýesi bolup, boks dünýäsinde "Iň howply urgy" eýesi hökmünde tanalýar. Statistikasy: 21 ýeňiş (19-sy nokaut bilen) we 2 ýeňliş. Mahmudow soňky gezek oktýabr aýynda britaniýaly Dewid Alleni eminleriň biragyzdan beren karary bilen ýeňipdi. Bu duşuşyk diňe bir iki boksçynyň arasyndaky söweş däl, eýsem agyr agram derejesindäki täze reýtingleri kesgitlejek esasy wakadyr. 62 000 tomaşaçy ýerleşýän "Tottenhem" stadionyndaky tutluşyk Netflix platformasy arkaly dünýäde göni ýaýlymda görkeziler.