YouTube mahabat bloklaýjylaryny ulanýanlara garşy çärelerini güýçlendirdi. Hyzmat diňleýjileriň bir bölegi üçin teswirler we wideonyň düşündirişleri bölümini çäklendirmäge başlady. Bu ýagdaýa AndroidAuthority çeşmesi üns çekdi. Soňky günlerde forumlaryň we Reddit platformasynyň ulanyjylary wideolaryň aşagynda «Teswirler öçürilen» diýen habarnamanyň peýda bolýandygyny habar berýärler. Çäklendirmeler ulanyjylaryň giň toparyna, şol sanda brauzerleriň içine gurlan mahabat bloklaýjylaryny (mysal üçin, Brave) ulanýanlara hem täsir etdi. Şeýle-de, käbir ulanyjylar üçin wideonyň düşündiriş bölümi hem elýetersiz boldy. Bu mesele bilen diňe bir mugt hasaplaryň eýeleri däl, eýsem, mahabat bloklaýjysy işjeň bolan ýagdaýynda hatda YouTube Premium abunaçylary hem duş gelýärler. Torlardaky habarlar bu çäklendirmeleriň hut şu hili guralaryň ulanylmagy bilen baglanyşyklydygyny görkezýär. Birnäçe ýagdaýlarda, bloklaýjy öçürilenden soň teswirler täzeden elýeterli bolýar. Bu bolsa platformanyň mahabat görmezlikden gaçýan ulanyjylar üçin funksionallygy maksatly ýagdaýda çäklendirýändigini subut edýär. Mundan ozal Google-yň YouTube Music-de tölegli abunasy bolmaly ulanyjylar üçin aýdymlaryň tekstlerine girişi çäklendirip başlandygyny habar beripdik.