Hytaýda millionlarça maşgala Bahar baýramyny öýlerinde belleýän wagty, üç sany taýkonawt Hytaýyň aý senenamasy boýunça Täze ýyly Ýerden, takmynan, 400 kilometr belentlikde garşylaýar diýip, Xinhua agentligi habar berýär. «Şençžou-21» gämisiniň ekipažy üçin «Týangun» («Asman köşgi») kosmos stansiýasy wagtlaýyn öýe öwrüldi. Taýkonawtlar At ýylyny göni orbitada garşy aldy. Baýramyň öňüsyrasynda olar wideoýüzlenmäni ýazgy etdi we ol Hytaýyň uçarmanly kosmos uçuşlary agentligi tarapyndan ýaýradyldy. Wideoýüzlenmede ekipažyň komandiri Çžan Lu: «Hemmelere abadançylyk we parahatçylyk dileýärin» diýýär. Çžan Lu üçin bu kosmosda garşylan ikinji Täze ýylydyr. Ol mundan ozal 2022-nji ýylyň noýabrynda başlan «Şençžou-15» missiýasyna gatnaşyp, orbitada alty aý çemesi wagt geçiripdi. Häzirki baýramçylyk stansiýanyň gurluşygy 2022-nji ýylda tamamlanandan bäri hytaýly kosmonawtlaryň Ýerden daşarda belleýän dördünji Bahar festiwaly boldy. Kosmos stansiýasy dürli çyralar, däp bolan düwünler we kagyzdan kesilen nagyşlar bilen bezeldi. Baýramçylyk menýusynda hytaý pelmenleri we milli tagamlar bilen bir hatarda, ekipažyň kosmos pejinde ilkinji gezek bişiren torty hem bar. Bu missiýa 2025-nji ýylyň 31-nji oktýabrynda başlandy we eýýäm 100 günden gowrak wagt bäri dowam edýär. Stansiýadaky ähli işler bellenilen tertipde alnyp barylýar.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 5 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir