Prezident Serdar Berdimuhamedow Serbiýa Respublikasynyň milli baýramy — Döwlet güni mynasybetli Prezident Aleksandr Wuçiçe we ýurduň ähli halkyna tüýs ýürekden gutlaglaryny hem-de iň gowy arzuwlaryny ýollady. Bu barada TDH habarlar agentligi habar berýär. Gutlag hatynda Döwlet Baştutany Serbiýanyň Prezidentine berk jan saglyk we bagtyýarlyk, ýurduň halkyna bolsa parahatçylyk, yzygiderli ösüş hem-de rowaçlyk arzuw etdi. Serbiýanyň Döwlet güni her ýyl 15-nji fewralda bellenilýär we ýurduň taryhynda iki sany möhüm wakany — 1804-nji ýyldaky birinji serb gozgalaňynyň başlangyjyny we 1835-nji ýylda ilkinji demokratik Konstitusiýanyň kabul edilmegini alamatlandyrýar. Bu sene häzirki Serbiýa döwletiniň döremeginde we milli özbaşdaklygynyň berkemeginde taryhy ähmiýete eýedir.