​Londonyň merkezindäki meşhur Kowentri köçesi musulmanlar üçin mukaddes Oraza aýy mynasybetli dördünji gezek ýörite yşyklandyryş bilen bezeldi. Yşyklandyryş ulgamy ýene-de Pikadilli-Serkusdan Lester-Skwere çenli bolan aralykda gurnaldy. ​Bu bezeg işlerini Londonyň häkimligi bilen bilelikde «Aziz» gaznasy gurady. Köçe geometrik yşyk nagyşlary bilen bezelip, ýolagçylaryň depesinde «Oraza baýramyňyz gutly bolsun!» diýen ýazgyly gurnama ýerleşdirildi. ​Baýramçylyk yşyklaryny ýakmak dabarasy Londonyň häkimi Sadyk Hanyň we «Aziz» gaznasynyň wekili Rahima Aziziň gatnaşmagynda geçdi. «Dört ýyl ozal biz Londony günbatar dünýäsinde Oraza yşyklary bilen bezelen ilkinji şäher edip, taryhyň täze sahypasyny ýazdyk. Biz her ýyl ähli baýramlary şu ýerde, şäherimiziň hut ýüreginde belleýäris» — diýip, häkim belledi. ​Häkimiň aýtmagyna görä, Oraza aýy şol bir wagtyň özünde «ýatlama» diýmekligi hem aňladýar. ​Baýramçylyk yşyklary Kowentri köçesini 19-njy marta çenli ýagtylandyrar. Bezeg işleri üçin 31 müňe golaý ýagtylyk beriji diod (LED) lampalary ulanyldy. Yşyklar her gün sagat 17:00-dan 01:00-a çenli ýakylyp durar. ​Kowentri köçesi ilkinji gezek bu musulman baýramy mynasybetli 2023-nji ýylda bezelipdi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 7 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir