Tas on ýyla çeken arakesmeden soň, hytaý kompaniýalary daşary ýurtlardaky aktiwleri işjeň satyn alyp başladylar. Bloomberg agentliginiň habar bermegine görä, 2026-njy ýylyň ýanwar aýynda Hytaýdan çykýan birleşme we goşulyşma (M&A) geleşikleriniň umumy möçberi 12 milliard dollara ýetdi. Bu bolsa 2017-nji ýyldan bäri ýylyň birinji aýy üçin hasaba alnan iň ýokary görkezijidir. Olaryň içinde iň irileri hökmünde Anta Sports kompaniýasynyň 1,8 milliard dollara nemes brendi bolan Puma-nyň paýyny, Zijin Gold-uň 4 milliard dollara Kanadanyň Allied Gold magdan gazyp alýan kompaniýasyny satyn almagyny görkezip bolar. Seljerijiler daşary ýurt maýa goýumlarynyň artmagyny Pekin tarapyndan 2010-njy ýyllaryň ortalaryndan bäri dowam edip gelýän çäklendirmeleriň aýrylmagy, şeýle hem içerki bazardaky ýiti bäsdeşlik we ösüşiň haýallamagy bilen baglanyşdyrýarlar. Puma-dan başga-da, HSG maýa goýum topary premium krossowkalary öndürýän Golden Goose-y we Marshall audio brendini satyn aldy. Hytaýyň Luckin Coffee kofehanalar ulgamy bolsa halkara bazaryna çykmak üçin Nestle-den Blue Bottle Coffee-ni satyn almagy göz öňünde tutýar. Şeýle-de hytaý kompaniýalary Latyn Amerikasynda we Afrikada hem işjeň maýa goýýarlar. Oňa mysal edip, Aluminum Corp. of China-nyň Braziliýanyň Cia. Brasileira de Alumínio kompaniýasynyň gözegçiligini öz eline almagyny, CMOC Group bilen Jiangxi Copper-iň altyn we mis gazyp almak boýunça ylalaşyklary baglaşmagyny aýtmak bolar. Elektromobil öndürijisi BYD we batareýa öndürýän CATL kompaniýalary hem daşary ýurt zawodlaryna maýa goýmagy dowam etdirýärler. BNP Paribas-yň analitigi Riçard Griffitsiň pikiriçe, Ýewropa hytaýly maýadarlar üçin aýratyn gyzykly bolup durýar we şonuň esasynda 2026-njy ýylda başga-da birnäçe iri geleşiklere garaşyp bolar.