2026-njy ýylyň fewral aýynda Türkmenistanyň Tailand Patyşalygyndaky Ilçisi (oturýan ýeri Kuala-Lumpur şäheri) M.Maşalow Bangkok şäherinde birnäçe möhüm duşuşyklary geçirip, ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň geljegini ara alyp maslahatlaşdy. 11-nji fewralda Tailandyň daşary işler ministri Sihasak Phuangketkeon bilen geçirilen duşuşykda taraplar ýokary derejeli saparlary işjeňleşdirmegiň zerurlygyny belledi. Onuň Alyhezreti Tailandyň Patyşasynyň Türkmenistana sapar bilen gelmäge isleg bildirýändigi aýratyn nygtaldy we türkmen tarapy bu taryhy sapary guramak boýunça hyzmatdaşlyga taýýardygyny tassyklady. Şeýle-de, şu ýylyň dowamynda daşary işler ministrleriniň orunbasarlary derejesinde syýasy geňeşmeleri geçirmek we ikitaraplaýyn hökümetara hyzmatdaşlyk mehanizmini döretmek barada maslahatlaşyldy. 13-nji fewralda Tailandyň Söwda palatasynyň wise-prezidenti Suparek Çomçan bilen geçirilen gepleşiklerde ykdysady gatnaşyklara üns berildi. Türkmen tarapy ýurduň Söwda-senagat edarasynyň işi, hususan-da, telekeçilik üçin amatly şertleri döretmek we milli harytlary daşary bazarlara çykarmak boýunça alyp barýan çäreleri barada maglumat berdi. Tailand tarapy Ilçini wezipä bellenilmegi mynasybetli gutlap, söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge gyzyklanma bildirdi. Şol gün Tailandyň Migrasiýa býurosynyň Komissary, polisiýanyň general-leýtenanty Panumas Bunýalang bilen geçirilen duşuşykda migrasiýa ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary bellenildi. Taraplar bikanun migrasiýanyň öňüni almakda we degişli düzgün bozulmalara garşy göreşmekde, şeýle hem halkara kadalara laýyklykda adamyň hukuklaryny goramakda bilelikdäki işleri işjeňleşdirmek barada ylalaşdy. Geçirilen duşuşyklaryň netijesi boýunça taraplar Aşgabat bilen Bangkokyň arasyndaky hyzmatdaşlygy mundan beýläk hem ösdürmek üçin yzygiderli gatnaşyklary dowam etdirmek kararyna geldi.