Italiýanyň Apuliýa sebitindäki Adriatika deňziniň kenarynda «Aşyklaryň arkasy» ady bilen tanalýan Sant-Andrea gaýasy ýumruldy. Ýerli häkimiýetleriň maglumatlaryna görä, muňa ygally howa şertleri we deňiz eroziýasy sebäp boldy. «Corriere Lecce» neşiriniň ýazmagyna görä, bu waka hut 14-nji fewralda, Aşyk-magşuklaryň gününde bolup geçdi. Sebitiň habarynda bellenilişi ýaly, bu waka kenarýaka zolagynyň gowşaklygyny görkezýär. Häzirki wagtda kenarýaka çyzygy öňküden has çalt üýtgeýär we bu ýagdaý meşhur landşaftlaryň ejizligini ýene bir gezek subut edýär. Apuliýanyň infrastruktura we mobillik boýunça geňeşçisi Raffaele Pýemonteze bu tebigy obýekt bilen bilelikde sebitiň «köpçülikleýin ýatlamalarynyň, landşaftynyň we özboluşlylygynyň» bir böleginiň ýitirilendigini nygtady. Ol şeýle hem klimatyň üýtgemegi sebäpli weýran ediji ýagdaýlaryň çaltlanýandygyna ünsi çekdi we öňüni alyş çärelerini görmäge çagyrdy. Melendunýonyň häkimi Maurisio Çisternino bu hadysany «ýürege urlan elhenç urgy» diýip atlandyrdy. Ol häkimligiň mundan ozal kenarýakany goramak boýunça taslamany taýýarlandygyny, ýöne ony durmuşa geçirmäge serişdäniň ýetmändigini mälim etdi. «Bolup geçen wakany nazara almak bilen tebigatyň özüniň beren bu duýduryşyny ünsden düşürmezlik üçin maliýeleşdirişiň artdyrylmagyna umyt edýäris» – diýip, ol Facebook sahypasynda ýazdy. Pýemonteze Çisternino bilen habarlaşyp, gynanç bildirdi. Ol şeýle tebigy obýektleriň ýerli gymmatlyk hökmünde goralyp saklanmagynyň wajypdygyny belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir