Beýik Britaniýanyň hökümeti çagalaryň sosial ulgamlardan peýdalanmagyny çäklendirmek meýilnamasyny yglan etdi. Bu barada The Times gazeti habar berýär. Neşiriň maglumatyna görä, premýer-ministr Kir Starmer degişli kanunyň kabul edilmegini çaltlandyrmak üçin ýörite ygtyýarlyklardan peýdalanmakçy. Bu kadanyň eýýäm şu ýylyň dowamynda güýje girmegine garaşylýar. Maslahatlaşylýan çäreleriň arasynda şu aşakdakylar bar: 16 ýaşdan kiçi ýetginjekler üçin sosial ulgamlary ulanmagy doly gadagan etmek; Smartfonlar üçin «komendant sagadyny» girizmek; Täzelikler akymyny tükeniksiz geçirip durmakdan (scrolling) ýüz öwürmek; Çat-botlar bilen özara gatnaşyklara çäklendirme girizmek. Şeýle hem, gadagan edilen kontentlere girmegi kynlaşdyrmak üçin VPN hyzmatlaryny blokirlemek mümkinçiligine seredilýär. Leýboristler partiýasyndan 60-dan gowrak deputat çagalary «düzgünleşdirilmeýän, özüne öwrenişdiriji platformalardan» goramak çagyryşy bilen açyk hata gol çekdi. Oppozisiýa wekilleri bolsa, öz gezeginde, hökümeti «wagt ýitirmekde» günäledi we goşmaça geňeşmeler bolmazdan gadaganlygyň girizilmegini talap etdi. «Tehnologiýalar kanunlardan has çalt ösýär. Meniň hökümetim Britaniýany onlaýn-howpsuzlyk meselelerinde lidere öwrer» – diýip, Kir Starmer belledi.

Täzelikler, Ata Watan tarapyndan 8 hours ago
Teswir ýazmak üçin Içeri gir