Türkmen döwlet bedenterbiýe we sport institutynda futzal, basketbol we woleýbol boýunça ýurduň Talyp ligalarynyň açylyş dabarasy boldy. Ýaryşlar Türkmenistanyň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komiteti hem-de Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan bilelikde tassyklanan 2026-njy ýyl üçin köpçülikleýin sport we medeni çäreleriň meýilnamasyna laýyklykda geçirilýär. Bu çäre Milli talyplar sport federasiýasy tarapyndan gurnalýar we «Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynyň çäklerinde amala aşyrylýar. Dabara gatnaşyjylar ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgesini wagyz etmegiň, ýokary netijeli sporty ösdürmegiň we talyplaryň arasynda bäsdeşlik ruhuny güýçlendirmegiň ähmiýetini aýratyn belledi.